- tüweleme
- Bir işi gowy, başarnykly ýerine ýetiren adamy öwüp ýa-da eden işi makul görlüp aýdylýan söz, berekella.∙ Saglykmy, Annaguly, amanlykmy, tüweleme, sen-ä adam bolaýypsyň! (A. Durdyýew, «Saýlanan Eserler»)∙ Tüweleme, bu ýyl ýagdaý erbet däl! («Sowet Türkmenistany» gazeti)∙ Siziň hem çagaňyz boldumy? Tüweleme! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.